Frogtoon Музыка

Albums (Альбом) by Atageldi Garyagdyyew

Биография артиста Atageldi Garyagdyyew

Geçen Asyryň 70-Nji Ýyllarynda Türkmenistanyň Aýdym-Saz Äleminde Täze Bir Owaz – Bariton Ses Peýda Boldy. Şoňa Çenli Türkmenleriň Milli Sungatynda Bariton Sesli Aýdymçy Ýok Diýerlikdi. Bariton Saýylýanlaryň Sesi Örän Pes Bolup Sazyň Talap Edýän Derejesine Ýetip Bilmeýärdi. Şoňa Görä Magtymguly Adyndaky Türkmen Döwlet Opera We Balet Teatrynda Bariton Sesi Ulanmak Üçin Goňşy Respublikalardan Aýdymçy Çagyrylýardy. Bu Teatryň Sahnasynda Azerbaýjanly Aýdymçylar Nuhtar Masumow Bariton Ses Bilen Gurban Ryzaýew Bolsa Bas Bilen Çykyş Edipdiler. Şonda Täze Baritonyň Peýda Bolmagy Türkmenleriň Milli Sungatynda Ägirt Uly Ýetmeziň Öwezini Doldurdy. Bu Ses Atageldi Garýagdyýewiň Sesidi. Aýdymçy Atageldi Garýagdyýew 1952-Nji Ýylyň 22-Nji Martynda Mary Welaýatynyň Wekilbazar Etrabyndaky Egrigüzer Obasynda Dünýä Indi. Obada Onýyllyk Orta Mekdebi Tamamlansoň 1968-Nji Ýylda Daňatar Öwezow Adyndaky Sazçylyk Uçilişesine Okuwa Girip Ony Üstünlikli Gutardy. Onuň Sesine Hem Ukybyna Örän Ýokary Baha Berdiler. Ýöne Beýik Aýdymçy Diňe Bir Hudaýyň Beren Sesi Bilen Bolubermeýär. Ol Sesi Ösdürmek Hem Kämilleşdirmek Gerek. Atageldi Garýagdyýew Moskwanyň Çaýkowskiý Adyndaky Konserwatoriýasynyň Wokal Bölümine Girip Ony 1980-Nji Ýylda Tamamlady. Ol Aýdym Ugrundan Ýokary Bilim Aldy. Soňra Ol Sowet Goşunynyň Hatarynda Gulluk Etdi. Atageldi Garýagdyýew 1983-Nji Ýyldan Magtymguly Adyndaky Türkmen Döwlet Opera We Balet Teatrynda Opera Solisti Bolup Işe Başlady. Moskwadaky SSSR-Iň Uly Teatrynda Öz Professional Ukybyny Hem Döredijilik Ussatlygyny Kämilleşdirmek Üçin Iki Ýyllap Işledi. Dünýä Belli Aýdymçylar Bilen Birlikde Ençeme Operalaryň Sahna Çykmagyna Gatnaşdy. Atageldi Garýagdyýew Türkmen We Dünýä Klassyklarynyň Iň Meşhur Operalarynda Baş Rollarda Çykyş Etdi. Doly Metražly “Kemine” Filminde Keminäniň Roluny Oýnady. Belli Kompozitor Nury Halmämmedow Bilen Ýakyn Aragatnaşyk Saklady. Soňra Özbaşdak Konsert Toparyny Döredip Özbaşdak Çykyş Etdi. Atageldi Garýagdyýew 1994-Nji Ýyldan Türkmenistanyň Halk Artistidir. Häzirki Döwürde Ol Milli Konserwatoriýanyň Professory We Ýaşlara Tälim Berýär.

НАЧАЛО ATAGELDI GARYAGDYYEW
ПОПУЛЯРНЫЕ ТРЕКИ МИКСЫ АЛЬБОМЫ
Video 1 : 50